Türkmenistanda howa näme üçin çalt üýtgeýär?

Türkmenleriň milli senenamasynda gyşyň soňky hepdesi başlandy. Bu senenama laýyklykda fewral aýynyň 21-ne "gara gyş" tamamlanýar we aýyň 22-sinden başlap, türkmenleriň "Çarwa Nowruzy" diýip atlandyrýan möwsümi başlanýar.

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatyna görä, üstümizdäki hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýurduň çägine çygly howa akymy aralaşar. Munuň netijesinde ähli welaýatlarda ýagnyň ýagmagyna garaşylýar. Şeýle hem howanyň temperaturasynyň hepdäniň ahyrynda ýokarlanjakdygy çaklanylýar.

Üstümizdäki aýyň birinji hepdesindäki howa ýagdaýy ýaz paslyny ýada salsa-da geçen hepdäniň birinji ýarymynda gyş özüni görkezdi. Sişenbe güni bolsa, sowuk howa, Aşgabatlylary yzygiderli ýagan gar bilen begendirdi.

Howa ýagdaýy näme üçin yzygiderli we çalt üýtgeýär?

Atmosferada howa massalarynyň gorizontal hereketi ýerdäki howanyň üýtgemegine getirýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan taýýarlanan "Türkmenistanyň klimaty" atly gollanmasyna görä, arktika basseýninde dörän howa massasynyň Türkmenistana täsiri ýetende aýazly we az bulutly howa döreýär. Howanyň gyşyna ep-esli sowamagyna sebäp bolýan nüanslaryň ýene biri hem kadaly giňişlikleriň howasy bolup durýar. Şeýle howanyň Türkmenistanyň çägine aralaşmagy bilen howanyň temperaturasy minus 15-18 gradusa çenli sowaýar. Deňiziň üstünde dörän ýa-da deňiziň üstünden geçmek arkaly transformasiýa geçiren kadaly howa massalary Türkmenistana aralaşanda ýagyş we gar ýagmagyna sebäp bolýar.

Türkmenistana gelýän tropik howa massasy Kiçi Aziýada we Ortaýer deňziniň gündogar böleginde döreýär. Gyş aýlarynda şeýle howanyň temperaturasy 20 gradusdan hem geçip bilýär.

Tapawutly howa massalary galtaşanda darajyk geçiş zonasy döreýär. Howa massasy bu zonadan geçende howanyň temperaturasy, ýeliň güýji, çyglylygy we beýleki elementler düýpli özgerýär, ýagny howa üzül-kesil üýtgeýär. Ýyly howa massasy sowuk howanyň üstünden gelip, ony gysyp çykaranda maýyl howa döreýär. Maýyl howanyň dowam edýän bulutsyz günlerinde tozanly ýeliň we dürli harasatlaryň bolmagy sowuk howa massasynyň gelýändigini alamatlandyrýar.

Howa massalarynyň geçiş döwründe ygallaryň we beýleki hadysalaryň köp bolmagy Merkezi Aziýanyň, ylaýta-da Türkmenistanyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Bu sebitde, esasan, sowuk howa geçiş döwründe ygallar köpelýär.

Howa ýagdaýy biziň gündelik ýaşaýşymyza gönümel täsir edýär. Onuň üýtgemegine düşünmek we dowamly habarly bolmak durmuşymyzy aňsatlaşdyrsa-da, bu ýagdaýyň tersi ähli meýilnamalarymyzyň puja çykmagyna sebäp bolup bilýär. Geýinjek eginbaşlarymyzdan başlap, haýsy köpçülikleýin transport serişdesini ulanjagymyza çenli howanyň ýagdaýy kesgitleýär.

Türkmenistanda howanyň ýagdaýyna Gidrometeorologiýa gullugy tarapyndan 100-den gowrak nokatdyr beketlerde gözegçilik edilýär. Şeýle hem gullugyň ýörite telefon belgilerine jaň etmek arkaly howanyň ýagdaýyndan gündelik habardar bolmak mümkin.

Makala ilkinji gezek arzuw.news saýtynda neşir edildi.

Journalist/Writer

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store