Türkmen dilinde okamakdan başlap bileris

Ene dilinde maglumat öndürmek pikirine ähmiýet berýän we bu düşünjäniň tarapyny çalýan sosial torlaryň türkmen ulanyjylarynyň sany yzygiderli köpelýär. Olaryň käbiri internetde türkmen dilinde “makalalaryň we çeşmeleriň” azlygyna ünsi çekse, käbiri daşary ýurt dilini ulanýan türkmenistanlylara we/ýa-da ýurtdaky daşary ýurt guramalaryna “emeli hüjüm” gurnaýarlar.

Bu hakykatdanam peýda edýärmi?

#TürkmençeÝazmak üçin ýazýan bir-iki sany “Like” hyrydarlarynyň sanyny köpeldäýmese, agzalan usullar düýpli täsir etmeýär. Türkmen dilinde garalamalar köpelse-de, çykýan önümiň hil ýagdaýy, dogrusy, aladalandyrýar. Sebäbi peýdasyz we içi boş makaladyr maglumatlar köpeldigiçe ulanylan dile ters täsir edýär.

Öz ugrum bilen bagly bolany üçin, esasan, habar beriş serişdeleriniň işi barada pikirlerimi beýan edesim gelýär.

Önümçilik tejribesinde döwrüm Türkiýäniň sanawynda ulanyjy sany boýunça 100-120-nji ýerde saklanýan bir habar saýtynyň işini ýakyndan synlamaga mümkinçiligim bolupdy. Şol habar saýty aýlyk diňe “Google”-yň üstünden ortaça 8-10 müň ýewro aralygynda girdeji alýardy.

Şu hakykatdan ugur alyp, habar saýtlarynyň işiniň yzygiderli okyjy köpçüligi bilen gönümel baglydygyna üns çekmek isleýärin.

Geçen ýylyň aprelindäki maglumata görä, internet ulanyjylarynyň sany boýunça dil sanawynyň birinji 10-lygy umumy görkezijiniň 76%-ni özünde jemleýär. Sanawyň çür depesinde oturan iňlis dili henizler öz ýerini bermejege meňzeýär. Türkmenistanly ulanyjylaryň arasynda meşhur bolan rus dili bolsa 9-njy ýerde.

“Alexa”-nyň sanawyna görä, Türkmenistanda iň köp girilýän web-saýtlaryň birinji 50-liginde alty sany habar saýty bar. Olardan “Türkmenportal” 8-nji, “Business Turkmenistan” 13-nji, “Türkmenistan: Altyn-asyr” 15-nji, “Orient” 36-njy, TDH 43-nji we “Arzuw News” 47-nji orunda ýerleşýär. Bu habar saýtlarynyň dördüsi üç dilde, biri iki dilde we soňkusy bir dilde (rus dili) maglumat ýaýradýar.

Dünýä tejribesinden ugur alyp, habar saýtlarynyň aglaba böleginiň nusgawy täjirçilik meýilnamalarynyň esasynda bina edilendigini göz öňünde tutsak, olaryň okyjysy köp bolan dillere has ähmiýet bermekleri geň waka däl.

Türkmen dilinde maglumatyň azlygyndan zeýrenýänleriň endikleri pişik urşundan öte geçmeýär. Ýagny #TürkmençeÝazmak meselesi yzygiderli gozgalsa-da, #TürkmençeOkaýanlaryň sany habar saýtlarynyň türkmen diline aýratyn ähmiýet bermeklerine getirmeýär.

Şahsy hasaplarymda geçiren örän kiçi göwrümli sowalnamamyň netijeleri hem ýagdaýa göz ýetirmegime sebäp boldy. “Instagram”-daky sowalnamany görenleriň – aglaba bölegi Türkmenistandan bolup, türkmen diline düşünseler hem – ýarysyndan gowragy gyzyklanmady. “Twitter”-däki ýagdaý biraz begendirdi. Ses berenleriň 45%-i türkmen dilinde habar okaýandyklaryny aýan etdiler; habar okamaýanlaryň göterimi 29-dan, iňlis we rus dillerine ses berenler bolsa 25%-den geçdi. Şu netijelere görä, türkmen dilinde ýazylan sözleme düşünip, iňlis we rus dilinde habar okaýanlar türkmen dilini saýlasa, 25%-lik ösüş boljagy mese-mälim.

Eger internetde türkmen dilindäki maglumatlaryň köpelmegini isleýän bolsak, ilkinji basganjak hökmünde, olary okamakdan başlap bileris. Türkmen dilinde ýazylan habardyr makalalaryň okyjy sanynyň artýandygyny gören habar saýtlarynyň olara ähmiýeti güýçlendirjekdigi bolsa öz-özünden belli.

Gepiň gysgasy, biz türkmen dilinde okamagy köpeltsek, hem hil ýokarlanar, hem mukdar.

Eger agzalan pikirler bilen ylalaşýan bolsaňyz makalany paýlaşmak arkaly goşant goşup bilersiňiz!

Journalist/Writer

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store