“Sarymsak bilen başlan söýgi” ýa-da hyýal dünýämizi täzeden açmak

Erteki diýilende köpümiziñ ýadyna çagalary ýatyrmak üçin ulanylýan, köneden bäri aýdylyp gelinýän, kimiň yazany näbelli, hakykatdan we häzirki durmuşymyzdan daşdaky sözlemler düşýär.
Emma, bir zady ünsden düşürýäris. Ertekiler aslynda ýazylyp hem bilner. Mazmunynda häzirki zaman düşünjäniň goýan ähli serhetlerini böwsüp geçjek hyýaly öwüşginler ýatan ertekileri ýazmak döredijilik adamlary üçin ýa-da öz "fantaziýalarynyñ" çägini barlap görmek isleýänler üçin ýerlikli synag bolup biler.
Ynha, meniň uniwersitet döwründe ýazan barlag ertekimiñ türkmençe terjimesi:

Ne uzyn, ne-de gysga. Ýeke gylly murtunyň aşagynda sömelip duran altynsow dişleri bilen ýyllardan bäri ýerli halk üçin esasy mukaddeslik bolan uçýan dinozawrlaryň ulag hökmünde ulanylýan zamanasy eken. Elli ýyllyk çynarlardan hem uzyn boýlary bolan ynsanlar bu jandarlary sogan we kartoşka ýetişýän planetalara syýahat etmek üçin ulanýar ekenler. Bu agaçlardan alan arassaçylyk serişdelerini zyýanly gül ysyna garşy ulanypdyrlar.
Üçburç planetanyň ýokary künjeginde suwdan ýasalan öýlerde ýaşaýan Nilok taýpasynyň sarymsak meýdanlarynda işleýän bir ýigit goňşulary Anet taýpasynyň şa gyzyna aşyk bolupdyr. Nilok taýpasynda kel sygyrlara derman hökmünde ulanylýan sarymsagy ýetişdirýänler halanmaýar eken. Anet taýpasynda bolsa sarymsakdan iň gymmat atyrlar ýasalypdyr. Şol sebäpden hem bu iki taýpa düşünişmeýär eken.
Ýyllardan bir ýyl Anet taýpasynyň meýdanlaryna şerbetiñ az ýagmagy guraklyga getiripdir, sarymsak ýetişmändir. Ýagdaý şeýle bolansoň, taýpanyň hökümdary ýanyna gyzyny hem alyp, Nilok taýpasyna sarymsak soramaga gitmegi ýüregine düwüpdir. Barsalar, hemme ýerde gülüñ ysy bar eken. Ysdan ýaňa başy aýlanan Anet hökümdary Nilok baştutanyna sarymsak oty bilen özleriniň Baoks planetasyndan getiren soganlaryny alyş-çalyş etmegi teklip edipdir. Iki hökümdar bir-birine arkan ýaslanyp ylalaşyk baglanlaryndan soňra, ýerli hökümdar sarymsak meýdanynda işleýän ýigidi çagyrmagy buýrupdyr. Aşyk ýigit gelmesine gelipdir welin, sarymsagyñ ysy siñen aýna köýnegini çykarmagy unudypdyr. Dogrusy... bu onuň peýdasyna bolupdyr. Ysy alan anetli şa gyzy şol bada ýigide söýgüsini beýan edipdir.
Günler ýyldyzlary kowalapdyr... Sarymsak oty bilen başlan söýgi has hem güýçlenipdir.
Üçburç planetanyň Taňrysy Fýotr öz ilçisine taýpalaryň agzybir ýaşamaýandygy sebäpli planetany ýarjakdygyny aýdypdyr. Bu habary alan taýpalar altyn dişli dinozawrlary bilen başga planetalara sary uçmaga başlapdyrlar.
Taýpalarynyň tapawutly planetalara göçýändigini öwrenen aşyklar gizlenipdirler. Nilok we Anet halky bulary sarymsak meýdanyndan başga ähli ýerden gözläpdirler. Biri erbet kysmat getirýändigini öňe süren bolsa, beýleki taýpa: "Sarymsagyñ ysy bizi beyhuş eder, planetany wagtynda terk edip bilmers" diýip, meýdany gözlemekden ýüz öwrüp, planetadan uzaklaşypdyrlar. Üçburç planetada diňe ikisiniň galanyny gören Taňry Fýotr söýgüniñ hatyrasyna niýetinden dänipdir. Iki aşykdan planetanyň täze ýerlileri döremäge başlapdyr.

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store