Nazar traktoristiň gündeligi – limon tozy

Garaňky otaglaryň arasynda sergezdan bolup ýörşine Sowet döwründen galan agaç penjiräniň deşiklerinden girýän sowuk howany duýdy. Gyrasy poslap başlan demir batareýa elini uzatdy. Heniz ýylysy bardy. Içini gepletdi:

- Başlady diýmek.

Aýagynyň agyrsyndan ýaňa ýatyp bilmeýşiniň sebäbine indi düşündi. Aýazly şemal özüne ýaran hökmünde ýagyş damjalaryny hem getiripdi.

Nazar gullukdan getiren possunyny egnine atyp, ýylylygyň derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen daşky gapa ýöredi. Goňşy otagda ýatan Atajanyň horlama sesini eşidip, biraz ýüzi ýagtyldy:

- Gaty giň adamaý!

Possunynyň ýakasyny galdyryp, gaz jaýa girdi. Ojagyň üstüne suw oturdyp, öten agşam dolap goýan temmäkisini otlady. Tamyň äpişgesi ýola garaýardy. Howa heniz garaňky hem bolsa, moýmuldaşyp barýan mekdep okuwçylaryna gözi düşdi. Gaýraky goňşynyň gyzyny saýgardy:

- Olimpiada barýan bolarly..

Köçäniň gyrasyndaky ýalaňaçlanan agaja seredip durka kitiri hem sygyrmaga başlady. Syrçaly ak bokalyna bir çümmük gury çaý atyp, üstünden limon tozyny eňterdi. Hakyky limonly çaýy göz öňüne getirip, içmäge durdy.

Aýalyny ýadyna saldy. Nazary limona endik etdiren hem şoldy. Garnyndaky çagasy bilen dünýeden öten zenana duýgudaşlyk bildirýän ýaly şol ýyldan bäri limon agaçlary hem hasyl bermeýär.

Etrabyň emeldarlary we arçynlyk mellek ýerleriniň hasylsyzlygyny gutulgysyz mör-möjeklerden görseler hem Nazar ýagdaýyň düýbünden tapawutlydygyna ynanýardy. Ýer Gülleriň aryny alýardy.

Ömrüni ýeriň ideginde geçiren maşgalanyň göwrelilik hasaby dolan ilkinji gelnini, öz ýan ýoldaşyny etrap hassahanasyna alyp gidişi Nazaryň häzirki ýaly ýadynda. Şol hem Gülleriň “Žiguli”-niň yzyna soňky gezek münüşi bolupdy.

Ýagyşyň ýerine geçen gar tozgajyklary gaz jaýyň açyk gapysyndan içeri okduryldy. Uly tamyň gapysynyň jygyldysy Nazaryň ünsüni böldi; Atajan hem turupdyr. Içeriniň sowap başlandygy ýadyna düşdi.

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store