Nazar traktoristiň gündeligi — emeli çukurlar

Batyr Berdiyev
2 min readMar 26, 2021

Hakykatyň çuňlugyna, garaňkylygyň sessizligine, martyň aldawçy maýyl şemalyna özüni aldyryp, agaçly ýoldan öýüne tarap pyýada rowana boldy.

Agzyndaky dolamanyň kagyzyndan gelýän ajymtyk tagam tüsse bilen utgaşyp, Nazar traktoristiň beýnisindäki keýp öýjüklerine agalyk etmäge başlady. Dolama ýasamakda ussatlaşan Nazar her önümini emaý bilen saýlaýar. Hurşuny almak üçin aýda bir gezek 40–50 kilometrlik ýol sökýär, kagyzy üçin bolsa, her hepdäniň Anna gününe garaşýardy.

Ýalançy arkaýynçylygyň hökmürowanlygyna boýun bolup, kellesini iki ýaňa ýaýkap barşyna aýagy ilişip, büdredi. Ýoldaky çukuryň çuňlugy hakykatyňky ýaly bolmasa-da, hälki öýlänçiden galan ýagşy ýatlamalar aý yşygynyň astynda ýalpyldap durdy. Agasy ýadyna düşdi. Çaga wagtlary palçykly ýoldan gijelerine geçmeli bolanlarynda, agasy ony aldap, üstünden gülmek üçin suw üýşmeklerinden ýöredýärdi. “Seret, akja, ýalpyldap dur, şol ýerden ýöreseň palçyga batmarsyň” diýerdi.

Aýagyndaky galoşyny silkişdirip, “Hem maňlaýyma, hem-de ýoluma böwet bolup, kelläni agyrtdyňyz özä…” diýip, täzeden ýöremäge başlady. Nazar ýazyň howasyna öwrenişmekde her ýyl kynçylyk çekýänligi üçin galoşlaryny tüp yssy düşýänçä aýagyndan çykarmaýar.

Uzakly gün traktoryň ýagyrnysynda gowaça ekişine gatnaşan Nazar egnindäki iş eşigini çykarmaga wagt hem tapmandy. Ekişden gelşine traktoryny obanyň garažyna örkläp, şol golaýda ýaşaýan mekdep direktorynyň jumalygyna görünmek aladasy bilen bolupdy.

Nazar häzir hem şol ýerden gelýär. Adatça öýünden “Žiguli”-si bilen garaža gelýär, ol ýerdenem traktoryna münýärdi. Pasyl çalşyk gartaşan “Žigulä” hem ýaramadyk bolarly, irden otlanmady.

Tüssäniň hökmürowanlygy täsirini ýitirenden soňra, Nazar durmuşy barada pikirlenmäge başlady. “Ýaňky çukur hem ýönelige bolmaly däl.” Durmuşynda gabat gelýän çukurlaryň ählisinde hem, hälki çukurda bolşy ýaly, özüne çekiji bir aýratynlygyň bardygyna göz ýetirdi. Şol sebäpdenem, durmuşyna ilişýän ne fiziki, ne-de ruhy çukurlary ätläp geçdi. Olaryň käbirini özi gazsa-da, käbiri asfalt ýazýanlaryň emelsizligi sebäpli ýüze çykdy. Hälki çukuryň döremegine hem özi sebäp bolupdy. Iküç aýlykda kültesini traktora ýalňyş baglany üçin ýolda gaçyrypdy. Ana şol hem asfalty zaýalap, Nazaryň maňlaýyndan ildi.

Nazar hakykatyň çuňlugyna, garaňkylygyň sessizligine, martyň aldawçy maýyl şemalyna özüni aldyryp, agaçly ýoldan öýüne tarap ýöräp barýar. Egninde gara gök reňkli biz köýnek, aýagynda gonçly galoşy, erninde bolsa, hurşy tamamlanan syýaly kagyz. Çukuryň döreden hyýaly pikir dünýäsi zym-zyýat boldy. Nazaryň bar aladasy asfalt ýoluň gutarýan ýerinde başlanýan gumaşak ýoldan typman, ýykylman, palçyga çümmän geçmek; ertir ýene ekişe gitmeli.

--

--