Nazar traktoristiň gündeligi — alňasaklyk

Surat Kris Friesen tarapyndan çekildi. Çeşme: http://krisfriesen.com

Maşyndan içeri ätlemek üçin aýagynyň tozanyny kakyp durşuna çilimiň küli gaçyp, çyzyklary ýitirim bolmaga ýüz tutan jalbaryny deşdi. Bu ýagdaý onuň üçin adaty zatdy; deşiksiz eşigi ýokdy.

Jaaalk… Gapyny ýapyp, erniniň bir tarapyna gysdyrylgy närsäniň tüssesine ýumulyp barýan gözleri bilen gapdal aýna seretdi. Elini daşary çykaryp gyrasy skoçlanan aýnany düzeltdi-de agzyndakyny soňky gezek sorup, zyňyp goýberdi. Ýygyrtlary gara ýaglaryň gaçbatalgasyna öwrülen barmaklary bilen tozanly saçlaryna serenjam berip, maşyny o:tlamak bilen boldy.

“Gel, gel… gel, gel, gel lä:läm”… Nazar traktoristiň hiňlenip barýan aýdymy “Žiguli”-niň sesinden ýaňa özüne zordan eşidilýärdi.

Oba ýerinde abraýly ussa adyny alaýmak aňsat däldi. Tehnikanyň köp bolmagy ondan baş alyp çykýanlaryň sanyny hem ýokarlandyrýardy. Eýýäm mekdep döwründe kakasynyň traktory bilen obanyň pagtaçylaryny işe gatnadan Nazar häzirki wagtda meşhur ussalaryň biridi.

Bu gezek hem bugdaý hasylyny ýygnaýan kombaýnlaryň birinde dörän näsazlygy bejerip, oba tarap barýardy.

“Dogry ýol” ýazylgy sekizburç gurnamany geçeninden soňra dördünjiniň takyrdysy hasam köpelmäge başlady.

Obanyň gumaşak ýolundan sürüp barşyna Nazaryň derlän ýagyrnysy tomusyň yssy şemaly bilen çaknyşyp, salkynlap gidýärdi. Gulagynyň gurasy bilen aşaklygyna syrygýan damjalary bolsa köýneginiň tüýjeren ýakysynda öl tegmiller döredýärdi.

Jaaalk… Gapyny ýapyp, açaryny biline ildirdi-de howuza sary ugur aldy. Bedräni aşaklygyna sallap, Düzýabyň suwy bilen doldurdy. Sagymdan soň süýt emmesi üçin ýüpünden sypdyrylýan gölejik ýaly sowuk suwy alňasaklyk bilen içmäge başlady. Suwdan aryny alanyndan soňra bedräni ikinji gezek howuza gönükdirdi. Taňkany pürepürläp, sekiniň gapdalynda duran eýran sabyny aldy-da gül ekilen joýanyň gyrasynda elini ýuwmaga durdy.

Gatan ýaglar ýene diýen etmedi.

Jaýyň gapysyny açmaga niýetlenip elini uzadanynda inisi Atajan howlukmaçlyk bilen öýden çykdy.

- Mergen syrnyhyň bugdaýyna o:t düşüpdir! — diýip, Atajan şypbygny eline alyp, welosipedine tarap ylgamaga başlady.

Nazar näme bolanyna düşünmän galdy. Sebäbi Mergeniň potratynda işleýän kompaýny ýaňyja bejerip gaýdypdy. Ot hem ýokdy ýangynam.

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store