Kyrk metrkwadratda durmuş

Batyr Berdiyev | Murgap | 2021

Kyrk metrkwadratda durmuş.

Daşarda bolsa, ýene-de gar.

Ýokarky goňşyň çalýan roýalynyň sesi.

Ýene atam ýadyma düşdi.

Belki her pianino sesinde,

atam ýadyma düşer indi.

Janly tomaşa etmek nesip etmedi.

Geçen asyrda satan

roýalynda saz çalýanyny.

“Üstünde ýapylan bankalary görüp,

satyp goýberdim gaharyma,

deger-degmez pula”

diýerdi käte-käte.

Kyrk metrkwadratda durmuş.

Orsdan galan ýadygärlik,

tapdan düşen mylaýym batareýalar.

Sypaty Gyzlar galany ýatlatsa-da,

döz gelip bilenok duşmana, sowuga.

Sähel penjeräni açdym,

Burnuma urdy goňşyň naharynyň ysy.

Yzyna ýapdym.

Sebäbi döwür üýtgedi.

Indi bize düşenok,

Goňşynyň bişiren aşy.

Kyrk metrkwadratda durmuş.

Beýniň içinde çüýreýän pikirler deý,

Adam hem çüýreýär darajyk ýerde.

Beden sygsa-da ýarym metrlik hala,

pikir syganok.

Pikir,

sygmagy mümkin otuz harplyk klawiatura.

Ýöne,

“Enter”-im işlänok.

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store