Izmir / 2015 (by Batyr Berdiyev)

Kynçylyklardan köpri ýasamak

Işden öýe barýan ýolum parkyñ içinden geçýär. Howa şertleri oňaýly bolsa, köplenç pyýada ýol sökýärin. Talyp döwrümde hem köçe we onuň töwereginde bolup geçýän wakalary synlamak, olar barada pikir ýöretmek aýratyn özüne çekýärdi...
***
Güýz paslynyň soňky günleridi. Öýlän ýagan ýagyş agaçlardaky soñkyja ýapraklaram betonlaryñ üstüne sepeläpdi. Salkyn şemal gyşyñ gelýänini buşlaýan ýaly çalaja üşedýärdi. Öýe sary ýöremäge başladym... Awtoulaglaryñ syçradýan ýagyş suwundan özümi gorajak bolup barşyma ýan ýodadaky gyzgalañly "söweş" ünsümi çekdi. Arassaçylyk işgärleri ýapraklara duşmanlary ýaly çemeleşýärdiler. Käbir ýapraklar sübsäniñ gazabyndan gutulmak üçin yzgarly zemine bar güýji bilen ýapyşyp galýardylar. Tebigat öz täsinlikleri bilen her ädimde bir zatlar aýtmaga synanyşýar...
Ýapragy söýgüli agajyndan aýra salan ýagyş, onuň has berk ýaranyny - betony tapmagyna sebäp boldy.
Biz hem öz durmuşymyza ser salsak, ýapragyñ betona ýapyşyşy ýaly öz maksatlarymyza, ideallarymyza ýapyşýasmy?! Kiçiräk kynçylyk (ýagyş) ýüze çykanda durmuşyň (sübse) zarbyna boýun bolýasmy... Ýa-da şol kynçylyklary täze mümkinçiliklere köpri hökmünde ulanýasmy...
Oýlanalyñ!
(Ýatda, ýatyp bilseň...)

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store