“Köçämiziñ nikaply gahrymany”

3 ýaşly Nazarjyk komiks kitaplaryny ýanyndan aýyranok. Gündüzleri ýanynda bolýan enesi bolsa oña eýýäm birnäçe gezek bu kitaplary okap berdi. Nazarjyk hyýaly gahrymanlary köplenç düýşünde görse-de hakykatda olara henize çenli gabat gelmedi.

4 ýaşynyň dolmagyna 2 aý galanda ejesi bilen irdenleri çagalar bagyna gatnamaga başlady. Ilki ilkiler awtobusda görýän adamlarynyñ arasyndan hyýaly gahrymanlary gözleýärdi. Wagtyň geçmegi bilen olaryň ýüzlerindäki yşaratlardan - dünýäni halas etmek aňyrda dursun - özlerine zordan kömek edýändiklerine düşünmäge başlady. Emma ýolagçylardan ýörite taýýarlanan eginbaşda, ýüzi mata bilen örtülen bir zenan Nazarjygyñ ünsüni çekmäge başlady. Onuñ bilen bir duralgada düşýärdi. Nazarjyk çagalar bagyna gitse, ol awtobusyñ geçýän ýoluny hapalardan arassalaýardy. Dünýäniñ kirlerini öz ýaraglary bilen ýok edýän bu zenan onuñ üçin hyýaly gahryman ýalydy.
Nazarjyk ony özüçe "Köçämiziñ nikaply gahrymany" diýip atlandyrýardy.

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store