Içimdäki ýaramaz — antiutopiýa

Antiutopiýa sözi häzirki zaman syýasy adalgalary bilen tanyşlygymdan bäri elmydama özüne çekipdi. Esasan hem, talyplyk ýyllarymda “Syýasy bilimlere giriş” sapagynda professoryň barlag utopiýasyny ýazmak boýunça beren tabşyrygy, şeýle hem Tomas Moryň “Utopiýa” kitaby bu gyzyklanmaň güýjüni has hem artdyrdy.

Gürlemezek we synçy bolmaga meýilli häsiýet (men) adalganyň gözlegine ilki bilen töweregindäki bolup geçýän wakalara üns bermek bilen başlady. Göräýmäge her adamyň durmuşy özüne görä lezzetli geçýärdi. Kynçylykly döwürler hem wagtyň geçmegi bilen süýji ýatlamalar bolup galýardy. Bu bolsa Gurbannazar halypaň “Kynçylyk ýok. Ejizlik bar dünýäde” sözini täzeden ýadyňa düşirýär.

Gündelik ýaşaýşymyza ýakyndan ser salsak jemgyýet bize elmydama güýçli bolmagy, bilimli bolmagy, kynçylyklary ýeňip geçmegi ündeýär. Bu ýagdaý toýdur ýaslarda birinji derejeli garyndaşlar bilen söhbetdeşlikde ulanylýan sözlerden başlap, iş ýerlerimizdir dini garaýyşlarymyzda mese-mälim duýulýar. Garşy durmak, basyp almak, üstün çykmak, ýeňip geçmek…

Ýokarda aýdylan düşünjeler üýşmegi dogry ýerlerde ulanylsa halkyň ösüşine öz täsirini ýetirýär we utopiýanyň bina edilmegine getirýär. Emma, adamkärçilik kadalaryndan mahrum mahluklar tarapyndan ulanylaýan halatynda bolsa jemgyýetde ählumumy çökgünlik ýüzüni görkezip başlaýar.

Bu pikir ýöretme antiutopiýanyň ne häkimýetiň, ne-de başga närseleriň, aslynda her bir şahsyň goşandy esasynda ornaşdyrylýandygy kararyna gelmegime getirdi.

“Aw mewsimi” atly türk kinosynda aktýor Şener Şeniň jenaýatyň sebäbini anyklamaga synanyşýan Idrise (Jem Ýylmaz) “görüş derejäňi” üýtget manysynda, süýem we orta barmaklary bilen görkezýän hereketi biziň öz durmuşymyzda hem köp meseläniň anygyna ýetmegimize kömek edýär.

Antiutopiýa aslynda her bir şahsyň häsiýetleriniň arasynda gizlenip, ömrüni dowam etdirýär. Peýdaly düşünjelerden mahrum, pikir ýörediş ulgamy çüýrük kimseler bolsa ony esasy häsiýetleri hökmünde tanatmaga başlaýarlar. Jemgyýetde şeýle mahluklaryň köpelmegi bolsa ählumumy antiutopiýanyň ornaşmagyna getirýär.

“Üstün çykmak”, “iň ýokarda bolmak” ýaly sözler adamyň gulagyna hoş ýaksa-da, aslynda, antiutopiýanyň kömekçileri bolup hyzmat edýärler. Basgançagyň iň ýokarsyna çykmak islegi, şol bir wagtda aşagyňdakynyň ezeneginden basmak, harlamak heretlerini hem ýüze çykarýar. Bu ýagdaý diňe öz bähbidine garaýan mahluklaryň aňyýet taýdan sagdyn jemgyýet gurmak ýolunda dowam etmek isleýänleri depeläp geçmegine sebäp bolýar.

Täzeden başa gelsek, aslynda, antiutopiýa meniň öz hem içimde bar bolanlygy üçin elmydama ünsümi çekipdi. Jemgyýet bizi antiutopiýa häsiýetimizi öňe sürmek esasynda terbiýeländigi üçin barlag utopiýasyny ýazmakda, Tomas Moryň “Utopiýasyna” düşünmekde kynçylyk çekdim.

Eger hakykatdan hem jemgyýetde dystopianyň azalmagyny isleýän bolsak, ilki özümizi seýislemekden başlamaly. Hemme zadyň gülala-güllükdigine aldanyp başlan wagtymyz “görüş derejämizi” üýtgetmägi başarmaly. Sebäbi antiutopiýa bedenimiziň bir synasy ýaly elmydama ýaşamaga dowam etjegi çyndyr.

Utopiýada ýaşamak üçin bolsa oňa laýyk bolmaly…

Journalist/Writer

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store