© Batyr Berdiyev | Aşgabat | 2019

“Elläýme, bir ýerini döwersiň” ýa-da armanly geçen çagalyk

Fotožurnalistleriň ýa-da dokumental suratçylaryň aglabasynyň ýoly kiçi wagtlary sowgat edilen kameradan ýa-da fotoapparatdan başlaýar. Agy-garany saýgaryp başlanyndan soňra bu iş bilen meşgullanmagy saýlanlaryň sany az.

Murgabyň gyrasyndaky obalaryň birinde ýaşaýas. Atamyň aýtmagyna görä, bu ýere 20-nji asyryň başlaryna göçüp gelipdiris. Çagalygym bu obada geçdi. Tomuslaryna otuny ýygýan gowaça meýdanlarymyza sentýabrdan başlap pagta ýygmaga gidýärdik. “Dolduran haltalaryňy özüň göterip bileňokdyň” diýip, ejem şol ýyllary ýatlaýar. Gijelerine bolsa, atamyň özünden toslaýan ertekilerini diňläp, tapjanyň üstünde ýatyp galýardyk…

Çagalygyň süýji ýatlamalary hemmeleriň aňynda bar bolsa gerek. Emma ençeme ýyllardan soň öz täsirini görkezip başlajak wakalar ýa-da pursatlar barada näme üçindir kän söz açylanok.

2000-nji ýyllaryň başyna öýümize ilkinji kompýuter girdi. Şol gün atamyň “Paint”-de çeken keşbi henizem çalarak göz öňüme gelýär. Atam Türkmen-Türk mekdebinde işländigi üçin aýal doganymy (kakamyň gyz jigisi) hem şäherdäki kompýuter kurslarynyň birine ýazdyrypdy. Kompýuter hem şonuň şanyna alnypdy.

Enjamyň ýüzünde “çagalara ulanmak gadagan” ýazgysy bolmasa hem kompýuteriň ýanyna barmak meň üçin gorkuly töwekgelçilige öwrüldi. Başynda oturanymy dagy göräýseler soňy eýgilik bilen gutarmaýardy. Şol sebäpden öýde hiç kimiň bolmaýan günlerini peýleýärdim. Kä wagt bolsa daşky gapyň sesini eşidenimden heniz açylyp ýetişmedik kompýuteri — gorkujyma — gönümel tokdan sogurýardym.

Üstümizdäki asyryň başlaryna fotoapparat bilen tanyşdym. Bu tanyşlyk hem kompýuter bilen bolan tanyşlykdan tapawutly däldi. Öýde plýonkaly fotoapparat bardy. Hatda biri döwüleninden soňra ikinjisiniň hem satyn alnany ýadyma düşýär. “Elläýme, bir zadyny döwersiň” beýany bilen elimiň ýetmejek ýerinde saklanýardy. Şol döwürler ýeke öwrenen zadym plýonkanyň günüň aşagynda zaýalanýandygy boldy. Meň üçin gadagan edilen alma ýalydy. Almadan dişläp bilmedim.

Mundan 15–20 ýyl ozal kompýuter ýa-da fotoapparat bilen dostlaşmagyma kömek edilen bolsady, häzirki durmuş düýbünden tapawutly bolup bilerdi. Çykyp bilmän galan bilesigelijilik duýgusy miwesini indi bermäge başlady.

Ýokarda agzalanlary paýlaşmagymyň esasy sebäbi çagalyk we “ulalyp, adam bolmagyň” arasyndaky bagyň ähmiýetini görkezmek bolup durýar.

Çaganyň bilesigelijiginiň öňüne böwet goýman, onuň has kämilleşmegine we güýjemegine kömek etmek her ene-atanyň esasy borjy bolmalymyka diýýän. Dogry dolandyrylan bilesigelijilik çaganyň kämilleşmegine, çaganyň kämilligi bolsa, jemgyýetiň kämilligine getirýär.

“Elläýme, bir ýerini döwersiň” diýmäliň, öwredeliň, bilýänlerimizi paýlaşalyň, bile kämilleşeliň!

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store