Durnuklylykmy ýa-da sergezdanlyk?

© Batyr Berdiyev | Derweze | 2020

Uniwersiteti tamamlanymdan bäri birnäçe ýerde işlemek mümkinçiligim boldy. Has gowy suraty düşürjek bolup, guma-da bulaşyp gördüm, protestiň ortasynda surat üçin taýagam iýdim. Bir dalaşgäriň yzyna düşüp, bir aýyň dowamynda günde 16–17 sagat bir elim fotoapparatda, beýlekisi klawiaturada gazetlere habar hem paýladym. Saýlawlar, paradlar, harby türgenleşikler, protestler, bosgunlar, halkara ýygnaklar, hondan bärsi biznesmenler, ministrler, deputatlar… Garaz bäş ýarym ýylyň içine az zat sygdyrmadym. Bu wakalary habarlaşdyramda ýekeje-de ýadanym, ajyganym, islegsiz hereket edenim ýadyma düşenok. Emma, bir daýhan hökmünde arpa ekmegi başarýan bolsaň, diňe bugdaý iýilýän jemgyýetde ýa bugdaý ekmeli ýa-da ýa-da başga iş bilen meşgullanmaly bolýarsyň.

Dowamlylyk we durnuklylyk biziň jemgyýetimizde arşa çykarylýan sözleriň hatarynda. Nesilleriň arasyndaky düşünişmezligiň esasy sebäpleriniň biri diýsek hem bolar; öz tejribäme görä. Durmuşyňy gowy ýaşamak üçin lezzet almaýan işiňde özüňi dowamly işlemäge mejbur etmek maňa hiç wagt dogry hereket ýaly görünmedi. Şol sebäpden hem ondan oňa köpräk bökmeli boldum. Aglaba sebäbi bolsa, ulgamy bilmeýän, işi başarýana inisiatiwa bermekden çekinýän dolandyryjylar we munuň netijesinde pese gaçýan iş abraýy.

Her işiň öz kynçylygy bar. Her iş ýeriniň işiň häsiýetine görä iş şertleri we ysnyşykly gurşawy bolmaly; bolmadyk ýagdaýynda hünärmenleriň iş önümçilik ukyplaryny azaldýandygy hemmä mälim. Şonuň bilen birlikde, her işiň öz professional etikasy, logikasy hem bar. Diýeli konditer öndürýän bir kompaniýanyň satyş hünärmenleriniň arasyndaky “köp sat, şonça-da gazan” düşünjesine daýanýan bäsdeşlik ulgamy redaksiýa girizilmäge çalyşylsa, bu ýagdaý hem redaksiýany batyrar hem-de žurnalistikanyň hünär etikasyna garşy gider. Ýa-da bolmasa, dünýäniň iň gowy kemputyny (kompot däl) öndüreniň bilen, ony hiç kime satyp bilmeseň önümçiligiň durar. Ikisini deň derejede ýöretmek üçin bolsa, her iş ugrunyň özüne mahsus tertipnamasy bar; çylşyrymly ýagdaý.

“Dowamly bir ýerde duraňok”, “Işden çykan dälsiňä”, “Bir ýere ornaş indi senem” ýaly soragdyr ýüzlenmeleriň arasynda durnuksyz durmuşy ýaşamak arpa ekýän daýhanlaryň maňlaýynda bara meňzeýär. Käte gidip bugdaý ekýänlere kömek edýär, käte arpa ekjek diýip, şala ýüzüni öwürýänlere ynanýar, käte bolsa, diňe potrat ýerlerine suw tutup berýär.

Şeýle jemgyýetde şol daýhan näme üçin henizem bugdaý ekmegi başdan aýak öwrenenok? Munuň ýekeje jogaby bar diýip pikir edýän: akyl we logikanyň esasynda tassyklanan hakykatlara bolan ynam.

Arada Bütindünýä ykdysady forumynyň “Gelejegiň işleri” atly üçünji hasabatyna göz gezdirdim. Hasabatda 2025-nji ýylda işe girmek isleýänlerden talap ediljek esasy 10 başarnyk şeýle beýan edilýär:

1. Ana­li­tik pi­kir­len­mek uky­by we in­no­wa­si­ýa açyk bol­mak.
2. Yzy­gi­der­li öw­ren­me­gi ba­şar­mak.
3. Çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri çöz­mek.
4. Tan­ky­dy pi­kir­len­mek we sel­jer­me uky­by.
5. Dö­re­di­ji­lik, özü­ne mah­sus­lyk we tä­ze baş­lan­gyç­la­ry tek­lip et­me­gi ba­şar­mak.
6. Li­der­lik we tä­sir edi­ji­lik.
7. Teh­no­lo­gi­ýa­ny ulan­ma­gy ba­şar­mak, do­lan­dyr­mak we gö­zeg­çi­lik et­mek.
8. Teh­no­lo­gi­ýa di­zaý­ny we prog­ram­ma ýaz­mak.
9. Çy­dam­ly­lyk, stres­li ýag­daý­lar­dan baş alyp çyk­mak we ma­ýyş­gak­lyk.
10. Se­bäp­le­ri ýü­ze çy­kar­mak, me­se­le çöz­mek we pi­kir dö­ret­mek.

Ýokarydaky aýratynlyklara seredeniňde ýene bäş ýyldan täzeçillige açyk we ‘telefondyr kompýutere düşünýän’ hünärmenler iş ulgamynyň üns merkezinde boljaga meňzeýär. Näme üçindir durnuklylyk/dowamlylyk sözleri hasabatda görkezilmändir?! Arpa ekmek başarnygyny ýitirmeýän we bir gün jemgyýetiň arpa talap etjekdigine (demand) ynanýan hälki daýhan üçin bu gowy habar. Şeýle-de bolsa, onuň öňünde ýene bir sorag bar: “Toprak arpa tohumyny kabul etmese näme etmeli?”

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store