Izmir/Turkey

Bosgunlary ýakyndan synlan biri hökmünde

Izmir şäheri 2014–2015-nji ýyllarda Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna geçmäge synanyşýan bosgunlaryň esasy düşelgeleriniň birine öwrüldi. Bu döwür meniň hem žurnalistika kafedrasyny tamamlap, şäher gazetleriniň birinde işläp başlan wagtlaryma gabat geldi. Şäher gazetleriniň köpüsinde maddy kynçylyklar bolanlygy üçin bir wakanyň hem habaryny ýazmak hem surata düşürmek bir adamyň üstüne düşýärdi. Iň kyn ýeri bolsa resmi guramalaryň metbugat ýygnaklarydy. Egniňde fotoapparat, öňüňde bolsa laptop. Bir tarapdan kürsüdäkiň aýdýan sözleriniň ýekejesini hem sypdyrman ýazmaga çalyşmak, beýleki tarapdan bolsa mümkinçiligini tapyp surata düşürmäge synanyşmak.. Önümiň hiline mese-mälim täsir edýärdi. Gazetler žurnalistlerden wagty çäkli bolmadyk, halky we “köçäni” ýakyndan gyzyklandyrýan habardyr suratlary talap edýärdiler. Ilki bilen hemme žurnalistiň gözi köçedäki bosgunlara düşýärdi. Olar bilen söhbetdeş bolup, täsirli habar çykaran günüň redaksiýada iň wajyp adama öwrülýärdiň. Her gün diýen ýaly bosgunlar hakynda saglyk meselelerinden başlap, haýsy myhmanhanalary ulanýandyklaryna çenli dürli habarlar ýazylýardy.

“Indiki baýramçylykda maşgalamyň ýanynda bolasym gelýär”

Gurban baýramçylygynda bir gün gazetde nobatçy-habarçy hökmünde galypdym. Baýramçylyk bilen bagly habary tabşyranymdan soňra binamyzyň ýanyndaky parkda ýaşaýan käbir bosgunlar bilen söhbetdeş bolmak isledim. Iki-üç synanyşygymdan soňra Siriýada iňlis dili mugallymy bolup işlän birine gabat geldim. Ýewropa geçmek islegi we hyýallary barada aýdyp berdi. Arzuwy bolsa indiki baýramçylygy maşgalasy bilen bellemekdi. Bir tarapdan gorkýardy. Sebäbi Ýewropa ýetip bilmän deňizde gark bolmak ähtimallygy hem bardy.

Ýewropa umydy gursakça bagly

Deňiz ýoly bilen Ýewropa aşmak isleýänler bu ähtimallygy göz öňünde tutup, şäher merkezinden halas ediji gursakçalary satyn alýardylar. Merkezi köçäniň ugrundaky dükanlaryň mankenleriniň üstündäki penjekler halas ediş gursakçalary bilen ýerlerini çalyşypdy; köçe göýä sara boýalan ýaly boldy. Aňsat gazanja gözleri giden satyjylar mümkinçilikden peýdalanmak isläp, hili pes önümlerden ýasalan gursakçalary satmaga başlapdylar. Şeýle dükanlary surata düşüremde eýeleri bilen kiçiräk sene-mene boldy. Surat çap edileninden soňra birnäçe wagtlap köçäniň beýleki tarapyndan ýöredim.

Izmir Halk saglygy müdiri bilen söhbetdeşlik

Gazetleriň birinde çaga lukmanynyň bosgunlar bilen bagly ýazan makalasyna gabat geldim. Makalada ýerlikli sanjym syýasaty esasynda ýok edilen çaga keselleriniň bosgunlaryň köpelmegi bilen täzeden ýüze çykyp başlandygy aýdylýardy. Internet kanallarynyň üsti bilen awtor bilen aragatnaşyga geçdim. Telefon arkaly geçiren söhbetdeşligimizden soňra taýynlan habarym gazetiň baş habary hökmünde çap edildi. Ertesi gün jogapkär kätip öz ýanyna çagyryp, Halk saglygy müdiriniň bosgunlar bilen bagly geçirilýän öňüni alyş çäreleri hakynda maglumat bermek üçin meni söhbetdeşlige çagyrýandygyny aýtdy.

Suratdan soňky hasaplaşyk

Fotoapparadymy bosgunlara her öwrüşimde “Suraty çapa bermelimi, ýa bermeli däl?” diýen soraga jogap gözledim. Bir tarapda tanalýan žurnalist bolmak islegi, beýleki tarapda bolsa adam hukuklaryny basgylamazlyk duýgusy. Gysga hasaplaşykdan soňra “Çapa bermeli däl” diýen suratlarymy ýerinde pozýardym. Ilki-ilkiler kän üns bermezdim. Täze we ýaş žurnalist hökmünde redaktoryň gözüne girmek islegi has öňe çykýardy. Halkyň arasynda giňden ýaýran bosgunlara garşy ýigrenç duýgusyny habarlar we suratlar arkaly aýyrmaga synanyşmak üçin çözgüt merkezli söhbetdişlikdir makalalary öndürmäge çalyşýardyk. Izmirde belli bir wagt ýaşan, maddy ýagdaýy ýokary bolan bosgunlaryň ýerli ykdysadyýete goşant goşmaklary bilen bagly taýynlan habarymyz muňa mysal bolup biler.

Journalist/Writer

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store