Aragatnaşyk we öz gurýan emeli diwarymyz hakynda

Seminarlaryň birinde sahnadaky bilermen bu syýahatyň aslynda ene garnynda başlaýandygyny aýdypdy. Eşidýän gohlarymyzdan ýa-da şaýat bolýan duýgu ýagdaýlarymyzdan nä dereje täsirlenýändigimizi mese-mälim aýan etmesek hem degişli maglumatlaryň beýnimiziň bir böleginde ýazga alynýandygyna ünsi çekipdi; hatda beden taýdan hem üýtgeşmelere sebäp bolýan ýagdaýlary görlüpdir.

Alymlara görä ene garnyndaky bäbek ortaça 20-nji hepdede daşardan gelýän sesleri eşitmäge başlaýar. Bu döwürde dürli ýagdaýlar bilen aragatnaşyga geçilen (ses, fiziki we ş.m.) bäbekleriň doglanyndan soňra, eşidýän maglumatlaryny aňsat kabul etmek we olardan netije çykarmak ukubynyň ýokary bolýandygy hem aýdylýar.

Dünýä inenimizde bedenimize degen ilkinji el bilen bilelikde töweregimizdäki jemgyýetçilik halkalary emele gelmäge başlaýar. Dünýäniň täze ýerlisi çagalar bagy ýaşyna çenli maşgalanyň we garyndaşlarynyň arasynda ýetişýär, şolaryň gündelik durmuşdaky endiklerine görä düşünje dünýäsini we häsiýetlerini şekillendirýär. Çagalar bagyndan başlap, mekdep bilen dowam edýän syýahat bolsa, ýaş ynsanyň öňüne tapawutly durmuş ssenariýlerini getirýär. Iküç ýyllap ýamaly köwşi bilen mekdebe gatnan çaga üçin synpdaşynyň aýagyndaky ýalpyldap duran ädik ýetilmez sepgit ýaly görünýär. Mugallymynyň ýylgyryşyndan başlap, başlangyç klasda oba oglanlary bilen zeýkeşiň gyrasynda kakasyndan ogurlap çeken çilimi onuň durmuşynyň gymmatlyklaryny emele getirmäge başlaýar. Ýetginjeklik çagynda edinen ýa-da berlen maglumatlary bolsa, onuň şahsyýetiniň kemala gelmeginde wajyp wezipäni ýerine ýetirýär. Eger bardy geldi, mümkinçilik tapyp, ýokary okuw jaýyny dagy okaýsa, onda şahsyýetiň gurluşy has hem çylşyrymlaşýar. Jemgyýetden, dostlardan, maşgaladan, ýokary okuw jaýyndaky tanyşlardan gelýän haýsy maglumatlaryň özara täsirlenýändigini anyklamak we munuň netijesinde haýsy häsiýetiň dörejekdigine göz ýetirmek kynlaşýar.

Hälki bäbek belli bir ýaşdan geçip, öz durmuşyny özi dolandyrmaga başlanda maglumatlaryň reaksiýasyndan dörän häsiýetler we gymmatlyklar öz güýjüni görkezmäge başlaýar. Şahyslaryň biri jemgyýetiň çyzyp beren ýolundan dowam etmegi saýlasa, beýlekisi öz bina eden hakykatlar dünýäsinde ýaşamaga dowam edýär. Tapawutly ekosistemalarda durmuşyny dowam etdirýän iki tapawutly şahsyýet gabatlaşanda bolsa, aragatnaşyk faktory ýüzüni görkezmäge başlaýar.

Bularyň ikisiniň hem bir-biriniň gymmatlyklaryna keseki bolmagy aragatnaşygyň ýola goýulmazlygyna ýa-da bozuk aragatnaşygyň kemala gelmegine sebäp bolýar. Düşünişmezliklere sebäp bolýar. Hatda öz nukdaýnazaryndan dogry we ýagşylyk hasplaýan hereketi gabadyndakyny kynçylyga sokup bilýär.

Belli bir döwre çenli daşyny gurşap alan maglumatlar diwaryndan kellesini çykaryp, has daşyrakdan seretmägi başaran şahys daim aragatnaşygyň sazlaýyjysy hökmünde çykyş edýär. Ine, bize žurnalistikada näme öwretdiler… Islendik habar ýazylanda öz gymmatlyklaryň bilen urşup, meselä dürli taraplardan çemeleşmek önümiň käre degişli etiki kodlaryň çygrynda kämilleşýändigini ündeýärdiler. Bu ýagdaý gündelik durmuşda hem şeýle. Islendik giňişlikde aragatnaşygy ýola goýmak öz ketegiňden kelläňi çykarmagy başarmakdan başlanýar. Ýöne, elbetde, ilki bilen şeýle amaly ýerine ýetirip boljagyna ynanmaly.

Originally published at http://berdiyevbatyr.wordpress.com on May 25, 2020.

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store