Arçalar bilen umytlar hem ýalpyldaýar

Üstümizdäki ýylyň iki aýagy hem mazara girdi. Ýene sanalgy günden 2020-nji ýylyň bir çetinden gätmägä başlarys. Tamamlanyp barýan ýyly kimisi şadyhorramlykda geçiren bolsa, kimi adamlaryň sypaty möjekler bilen söweşip, zordan aman galan çopan itine meňzeýär.
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda bezelen arçalar ýalpyldamaga başlady. Eýýäm birnäçe ýyl bäri adat bolup gelşi ýaly täze ýyl mowzukly bezegler indiki aýyň ortalaryna çenli şäherdir etraplarda saklanyp galar.

Arçalar bilen bilelikde umytlar hem ýalpyldamaga başlady. 31-nji dekabr güni agşamlyk içjek aragynyň aladasyny häzirden edip başlanlaryň bolsa hiç zat piňine däl. “Hany täze ýyla bir geçeli” diýip, garynlaryny sypalap oturyşlaryna bar aladalary 2-nji ýanwarda hem işden boş bolmagyň gamyny iýmek.

Umytlar diýipdik... “Täze ýyl” söz düzümi jemgyýetiň dürli gatlaklaryna we dürli iş ugurlaryna öz täsirini ýetirýär. Bir tarapda telekeçiler ykdysadyýetde boljak üýtgeşmelere sabyrsyzlyk bilen garaşýan bolsa, beýleki tarapda çagasyny daşary ýurtda okadýan ene-ata ýyl çalyşmanka galanja okuw tölegini hem geçirmegiň ugruny gözleýär. Täze durmuş guran ýaş çatynjalary bilelikde geçirjek ilkinji baýramçylyklary tolgundyrsa-da, ýylyň soňky aýynda “gül ýaly” işini taşlan ýigit üçin 2020-nji ýyl känbir ýagty görünmeýär.

Günbatar medeniýetinde eýýäm noýabr aýynyň soňlaryna täze ýyl bazarlary (dini nüanslar bilen bagly bolsa-da umumy düşünjäni bermek üçin şeýle atlandyrdym) gurnalyp başlanýar. Dürli görnüşli täze ýyl bezeglerini, şarlary, zerleri satýan şeýle bazarlara häzirki wagtda Aşgabatda hem gabat gelmek bolýar. Dekabr aýynyň başlaryna Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky ofisinde – ýylyň şu döwrüni mowzuk edinýän – maýyplygy bolan ynsanlaryň el işleriniň bazary geçirilipdi.

Arçalar bilen umytlar hem ýalpyldaýar. “Täze ýyl täze bagt getirsin!”, “Düşümli ýyllaryň biri bolsun!” ýaly gutlaglarda muňa has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Täze ýyl baýramçylygyny gutlamagyň türkmenleriň gündelik ýaşaýşynda heniz täzedigini aýtsak ýalňyşmasak gerek. Ýaş baýramçylyga sabyrsyzlyk bilen garaşmagyň we uludan taýýarlyk görmegiň özeninde “umyt” bar diýip hasaplaýaryn.

Telewizorly otagyň bir gyrasynda bazardan alnyp bezelen polietilen arçasynyň düýbünde daşa degen paltasyny öňümizdäki ýyl üçin täzeden ýiteldip oturanlar ýygy duş gelýär.

“Ýetip gelen täze ýylyňyz....”
Belläp geçişimiz ýaly arçalaryň bezegleridir yşyklary ýanwar aýynyň ortalaryna aýrylar. Arçalar bilen bilelikde umytlaryňyz hem sönmegi mümkin. Söndürmäň! Ýalpyldatmaga dowam ediň!

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store