Aýakgap gutusy bize näme öwredýär?!

Ömri iki güýjüň arasynda harap bolmak bilen geçýän aýakgabyň önümçiligi aňsat bolmasa gerek. Daban bilen ýeriň arasynda basgylanmaga uzak çydajagyny tikmek bolsa her ýigidiň işi däl. Aýakgap ussasy ulanyljak çyg maldan başlap, onuň üstündäki nagyşlara çenli iş edinýär. Sebäbi satyn alnan önümiň ýekeje tikininiň hem wagtyndan öň sökülmegi onuň söwdasyna we abraýyna ters täsir etjegini bilýär. Müşderi bilen ussanyň arasyndaky köpri hyzmatyny görýän satuw işlerinden jogapkär hünärmenler bolsa esasy ünslerini aýakgap gutularyna gönükdirýärler. “Marketing” närsesi hökmünde garalýan bu gutular ussanyň zähmetini müşderiniň “gözüne sokmak” üçin taýýarlanýar, bezelýär. Olaryň “aýakgap gutusy” bolmak bilen başlaýan ömürleri – müşderi aýakgaby geýip başlanyndan soňra – “jorap gutusy”, “ýatlamasy bolan zatlaryň salynýan gutusy”, “ýumurtga gutusy”, “talyba obadan üzüm iberilýän guty”, “kitap gutusy”... ýaly atlar bilen dowam edýär. Içindäki önümlerine görä atlandyrylýarlar.

Beýnimiz we daşky sypatymyzyň arasyndaky bag, aýakgap we onuň gutusynyň arasyndaky bag...

Doglan günümizden başlaýan öwrenme ýoly tä ölýänçäk dowam edýär. Her bir maglumat beýnimizde dürli “kodlar” bilen öz ýerini tapýar. Häsiýetlerimiz, hereketlerimiz we sözlerimiz şol “kodlara” görä üýtgeýär we özgerýär. Bizi ilkinji gezek görýän adam daşky görnüşimize we özümizi alyp barşymyza görä ýatda saklaýar. Eger biz bilen aragatnaşyga girip başlasa, beýnimizdäki zatlary hem ýuwaşlyk bilen tanamaga başlaýar. Soňky tanyşlyk başdaky bilen gabat gelmese täze dostumyzyň beýnisinde “error” sesleri ýaňlanýar; şu pursatdan soňra biz bilen gatnaşygyny has pes derejede saklamaga başlaýar.
Öwrenme ýolunyň dowamynda garşymyza tapawutly “kodlary” beýnimize salmaga çalyşýanlaryň hem çykmagy mümkin. Olary dükanlary aýlanyp, gaýtadan işlemek üçin guty ýygnaýanlara meňzedesim gelýär.
Içinde geçen ýylyň hasap kagyzlaryny saklaýan gutynyň özüni “aýakgap gutusy” ýaly görkezmäge synanyşygy gapagynyň açylmagy bilen soňlanýar. Beýnimizde birnäçe ýyllaryň dowamynda üýşüp, şahsyýetimizi emele getiren “kodlara” ters gelýän hereketler etmegiň, özümizi ýalňyş tanatmagyň soňy “içi kagyzly gutynyňkydan” tapawutly bolmaz. Üýtgetmek islemegimiz hem mümkin; munuň üçin bolsa ilki şol “kodlary” tanamaly we kabul etmeli.

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store