“Readit” kitap dükanynda geçen çäreden (Çepden saga: Baýram, Azad Sesh, Myrat)

“Arabyň gyzy” barada ençeme söz aýdylan hem bolsa bu makala ol aýdymyň gelip çykyşy we Azad Seşiň döredijiligi barada gyzyklanýanlar üçin wajypdyr.

11-nji aprelde “Readitstore”-yň geçiren çäresinde Azada we menejeri Baýrama birnäçe sorag bermek mümkinçiligi tapdym. Beren jogaplary boýunça reportaža geçmezden ozal, menejerlik düşünjesiniň oturmaga başlandygyny görmek begendirýär. Belki geljekki artistlara hem ylham berer.

“Arabyň gyzy” aýdymynyň akustik görnüşini ýerine ýetirenden soňra Azad aýdym barada gysgajyk gürrüň berdi. Bir ýyl ozal aýdymy işläp goýandygyny aýdan Azad dogry wagtda çykarmak üçin garaşandygyny beýan etdi. Sesh aýdymyň owazynyň özüne degişlidigine ünsi çekip, “Sözleriň, melodiýanyň we şol wagtky atmosferanyň berýän duýgusynyň netijesinde şeýle…


Surata düşüren: Ýuriý Şkurin | turkmenistan.gov.tm

Barok döwrüniň Wiwaldisi we Bahy, klassizmiň Mozarty, klassizm bilen romantizmiň arasyndaky köprüniň Bethoweni we romantizmiň Şopeni, Çaýkowskiýsi, Rahmaninowy, Weberi… Ady rowaýata öwrülen saz döredijileriniň eserleri asla könelmän, her döwrüň ruhuna görä, göýä, täzeden teswirlenýär. Ýagdaý şeýle bolsa-da ady agzalan kompozitorlar bilen gyzyklanýanlaryň sany rok muşdaklaryna ýa-da pop-kulturanyň çäklerinde döredilýän aýdym-saz eserleriniň diňleýjilerine garanyňda az we çäkli. Bu azlyk elbetde “çöregini” nusgawy aýdym-saz bilen gazanýanlara hem täsir edýär.

Türkmenistanly orkestrler muňa çözgüt tapan ýaly. Aşgabatda eýýäm birnäçe ýyl bäri ýaşaýan biri hökmünde şäherdäki sungat çärelerine gitmegi belli bir dereje endik edindim. Ilki başlarda, ýagny 2018–19-njy ýyllarda, konsertlerde ýokarda agzalan kompozitorlaryň eserlerine…


Hepdäniň gowy habarlar bilen doly boljagy eýýäm ýekşenbe günki çäreden bellidi. Soňky kinolary dünýädäki sinema salonlary bilen bir wagtda hödürleýän ýeke-täk kinoteatr bolan “Berkarar Cinema”-nyň açylmagy, türkmen teatrlarynyň 1-nji aprelden täze sezona başlaýandyklary habary, 1-nji aprelden şäherara awtobus gatnawlarynyň assa-ýuwaş işe giriziljekdigi habary sungata suwsan köňülleri az-kem bolsa heýjana getirdi. Bu habarlar barada giňişleýin maglumaty has tiz habar ýetirýän ýerli habar beriş saýtlaryndan alyp bilersiňiz. Bu makalanyň esasy üns merkezi bolsa, ýekşenbe günki geçirilen ýygnanyşyk barada.

Eýýäm alty ýyla golaý hem pikir babatynda, hem-de telekeçilik işi babatynda işjeňligini dowam etdirýän “Readit” onlaýn kitap dükany geçen hepde Aşgabatdaky “Berkarar” söwda-dynç alyş…


Photo by Emile Guillemot on Unsplash

Häzir dünýäde pandemiýa bilen bagly çylşyrymly ýagdaýlaryň ýüze çykandygy sebäpli, egin-eşige degişli trendleriň öý-içeriniň ýaraşyklylygyna, rahatlygyna görä kesgitlenýändigini diňe ýaltalar bilýän däldir we olar bu barada okamady. Stiller şeýle bir garyşdy, şonuň üçin indi siz nämäni geýseňiz ýa-da miks etseňiz — şol zat moda boldy.

Pižama stilini men öz garderobymda eýýäm köpden bäri ulanýaryn. Içki geýimleriň we öý eşikleriniň satylýan dükanlaryndan satyn alan eşiklerimi, häzir daşaryk çykmak, hatda oturlyşyklara gitmek üçinem geýip bolýar.

Gülkünç görünmez ýaly, pižama/öý stilini näme bilen utgaşdyryp bolar? …


Hakykatyň çuňlugyna, garaňkylygyň sessizligine, martyň aldawçy maýyl şemalyna özüni aldyryp, agaçly ýoldan öýüne tarap pyýada rowana boldy.

Agzyndaky dolamanyň kagyzyndan gelýän ajymtyk tagam tüsse bilen utgaşyp, Nazar traktoristiň beýnisindäki keýp öýjüklerine agalyk etmäge başlady. Dolama ýasamakda ussatlaşan Nazar her önümini emaý bilen saýlaýar. Hurşuny almak üçin aýda bir gezek 40–50 kilometrlik ýol sökýär, kagyzy üçin bolsa, her hepdäniň Anna gününe garaşýardy.

Ýalançy arkaýynçylygyň hökmürowanlygyna boýun bolup, kellesini iki ýaňa ýaýkap barşyna aýagy ilişip, büdredi. Ýoldaky çukuryň çuňlugy hakykatyňky ýaly bolmasa-da, hälki öýlänçiden galan ýagşy ýatlamalar aý yşygynyň astynda ýalpyldap durdy. Agasy ýadyna düşdi. Çaga wagtlary palçykly ýoldan gijelerine geçmeli bolanlarynda…


Billi Aýliş we dogany Finneas | The Recording Academy

Beýonseden Teýlor Swifte, Leýdi Gagadan Billi Aýlişe, Dua Lipadan Imanbege. Duşanbe güni heniz Gün dogmanka (Aşgabat wagty bilen) paýlanyp başlan 63-nji “Grammy” baýraklarynyň ýeňijileriniň sanawynda kän bir üýtgeşiklik ýok; artistleriň atlarydyr ýeňiji bolan aýdymlar köpçülik ýerlerinde ýa-da sosial mediada hökman gulagyňyza/gözüňize ilendir.

Nobatdaky “Grammy” dabarasy zenanlaryň dabarasy boldy diýsek örän jaýdar bolar. Ýarym-onlaýn geçirlen iwentde dört ugurda Beýonse “iň gowy” saýlanmak bilen gramafon heýkeljikleriniň sanyny 28-e ýetirdi. Onuň “uýasy” Megan Thee Stallion bolsa, “NY Times” aýtmyşlaýyn, gijäniň M.V.P.-si. …


Batyr Berdiyev | Murgap | 2021

Kyrk metrkwadratda durmuş.

Daşarda bolsa, ýene-de gar.

Ýokarky goňşyň çalýan roýalynyň sesi.

Ýene atam ýadyma düşdi.

Belki her pianino sesinde,

atam ýadyma düşer indi.

Janly tomaşa etmek nesip etmedi.

Geçen asyrda satan

roýalynda saz çalýanyny.

“Üstünde ýapylan bankalary görüp,

satyp goýberdim gaharyma,

deger-degmez pula”

diýerdi käte-käte.

Kyrk metrkwadratda durmuş.

Orsdan galan ýadygärlik,

tapdan düşen mylaýym batareýalar.

Sypaty Gyzlar galany ýatlatsa-da,

döz gelip bilenok duşmana, sowuga.

Sähel penjeräni açdym,

Burnuma urdy goňşyň naharynyň ysy.

Yzyna ýapdym.

Sebäbi döwür üýtgedi.

Indi bize düşenok,

Goňşynyň bişiren aşy.

Kyrk metrkwadratda durmuş.

Beýniň içinde çüýreýän pikirler deý,

Adam hem çüýreýär darajyk ýerde.

Beden sygsa-da ýarym metrlik hala,

pikir syganok.

Pikir,

sygmagy mümkin otuz harplyk klawiatura.

Ýöne,

“Enter”-im işlänok.


Photo by Henry & Co. on Unsplash

Hormatly moda-söýer we gelşikli geýinmegi halaýan gadyrdan okyjy!

Gündelik ýaşaýşyň hysyrdysynyň içinde ýugrulyp gidýän islendik ugurda bolşy ýaly, moda barada söhbet açylanda hem senagatyň öz dilinde gürlemek ýerlikli başarnykdyr. Reňkli sahypada moda industriýasyna başaşak çümmezden ozal sizi bu senagatda işjeň ulanylýan adalgalar bilen tanyşdyrmakçy.

Şu makalada beýan ediljek adalgalar stil we trendlere gönükdirilen ýerli sahypa “Streetstyle Ashgabat” tarapyndan rus dilinde taýýarlandy; sahypalaryny şu ýerden yzarlamagy maslahat berýärin!

Biz şu gün iň esasy adalgalardan başlarys.


1. Adomeit Films; 2.Amy Sussman/Getty Images (NY Times); 3. Grammy; 4. Instagram: @brunomars; 5. Instagram: @fkirkorov; 6. Instagram: @hellodergisi

Sungat we döredijilik dünýäsinde baharyň ilkinji hepdesiniň käbir günleri kino senagatynda berlen baýraklaryň gybaty bilen geçen bolsa, galan günleri öňümizdäki alty-bazar (ET wagty bilen) paýlanjak “Grammy” baýraklarynyň çaklamalary aýdym-saz dünýäsinde giňden paýlaşylmaga başlandy.

Gürrüňe kino industriýasyndan başlasak, geçen hepde “Nomadland”-yň hepdesi boldy diýsek ýalňyşmarys; hem 78-nji “Altyn globusda” hem-de “Critics Choice Award”-da “Iň gowy film” baýragyny aldy. Şeýle hem kinonyň režissýory iki dabarada hem “Iň gowy režissýor” baýragyna mynasyp boldy. 26-njy gezek berilýän baýrakda “Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariý” baýragyna hem eýe bolan aziýaly Hloe Çžou Halkara zenanlar güni üçin ilkinji sowgatlaryndan birini film tankytçylaryndan aldy.

Agzalanlar bilen bir hatarda geçen…


Photo by Claudio Schwarz | @purzlbaum on Unsplash

Sungat we medeniýet habarlaryna gönükdirilen Reňkli sahypa häzirki wagtda dolulygyna meýletinçilik taslamasydyr. Şeýle hem bolsa, siziň minutlaryňyzy reňklendirjek türkmen dilinde kämil makalalardyr habarlary öndürmek üçin birnäçe sagat sarp etmeli bolýar.

Eger biziň makalalarymyz siziň minutlaryňyzy reňklendirýän bolsa, Patreon hasabymyzyň üsti bilen bize bir kofe hödürläp bilersiňiz. :)

Redaktordan makalamyzda beýan eden ideýalarymyz siziň üçin hem ähmiýetli bolsa sponsorlyk teklipleriňizi berdiyevbatyr@gmail.com adresine ugradyp bilersiziňiz.

Reňkli üçin ýazmak

Reňkli sahypa sungat we medeniýet ugurlarynda türkmen dilinde makala öndürýän we öndürmäge isleg bildirýänleriň tekliplerine açykdyr. Eger siz hem sungatyň islendik ugry bilen ýakyndan gyzyklanyp, bu barada ýazmaga pikirleriňiz bar bolsa, ýokaryda görkezilen e-poçta adresi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

Toý-da duşuşalyň!

Batyr Berdiyev

Journalist/Writer

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store