‘ Containing Chaos ‘ is a painting by Michael Lang

Şol günden bäri otagyndan çykanok. Göýä damarlarynda gan aýlanmaýan ýaly. Içindäki puşmanlyk gemoglobinlerini gemirip, gutaryp barýar. Başujunda duran stolyň üstüne yzy çykyp giden, zeňläp başlan çöregiň gyrasynda her gün bir gädik köpelýär. Çym-pytrak bolan lampanyň gyýçaklarynyň aýagyna çümmesinden gorkup, krowadyndan hem düşmek islemeýärdi. Eýýäm birnäçe gün bäri ýuwulman ýatan gaplaryň ysy öýüň içini tutsa-da onuň burny şol günden bäri başga ys almaýardy. Otagyň penjeresinden kämahal ýoluny ýitiren bir gün şöhlesiniň düşäýmesi bardy; bulutlar onuňam bellisini etdiler. Diwarda asylgy duran aýnanyň hem soňy lampaňkydan üýtgeşik bolmandy. Her gezek öňünden geçende nazary kaklyşýan gözleri indi ýadyndan çykaryp başlady. Aslynda özüni unutmak isleýärdi; dogulmadyk, gün şöhlesini görmedik, tanalmadyk, ýaşamadyk ýaly bolmak isleýärdi.

***

Gözleriniň içine seredip, duýgularyny birin birin söze dökmek üçin barypdy. Haýsy güli halaýandygyny bilmänligi üçin hersinden birini alypdy. Gapyny açan başga biridi. Dili tutuldy. Gyrasy deşilen şar ýaly duýgularyny boşaltmak islese-de, sözleri bokurdagynda galdy. Elindäkileri berip, baran ýoly bilen yzyna gaýtdy. Içinden, “Belki dogry gün bu gün däldir” diýip pikir etdi. Binanyň çykyşynda aýagyna ilişen kagyz bölegi onuň dünýäsini başyna ýykypdy. Bedenindäki ähli suwuklyk aýagyna üýşen ýaly zordan ýöremäge başlady.

***

Gözi şol kagyza düşdi. Üstünde ýazylgy ýeri we sagady ýadyna düşürmäge synanyşdy. Garaşylan gün gelip ýetipdi. Hopugyp ýerinden turdy. Ýakasy saralyp giden köýnegini gyssanmaç ütükläp, egnine sokdy. Kerepläp giden otagyna – hoşlaşýan ýaly – soňky gezek göz aýlady. Ýüreginiň eýesi bu gün barmagyna bir halka dakmaga sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturdy; o bolsa boýnuna… Gülleriň ysy henizem burnunda.

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store