© Batyr Berdiyev | Izmir | 2015

Köçelerine suw sepilen şäherde gijäniň bir wagty az salym entänimden soňra, wagtlaýyn ýaşaýan ýerime geldim. Bu gün hem öý eýesini turuzmajak bolup, gapyny ýuwaşlyk bilen açdym we pişik ýöreýşi bilen öz otagyma geçdim.

Ýary gijeden soňra şäherdäki bar hereket ýagyş suwlary bilen bezeg yşyklarynyň arasyndaky näz-kereşmeden ybarat. Şeýle sazlaşygy basgylap ýören bir ykmandany gören “ýaş çatynjalar”, maňa bu ýere degişli däldigimi ýene bir gezek ýatlatdylar.

Myžžyk bolan paltomy oturgyjyň egnine geýdirdim-de “öý” barada pikirlenmäge başladym.

Öýümiz nirede?

Şu sorag türk suratçy Dilan Bozýeliň geçen ýylyň maýynda çykaran “Hemme kişiniň ugry öýüne barýar. Şeýlelikde öýümiz nirede?” atly kitaby barada birnäçe synlary okanymdan bäri beýnimiň bir gyrasynda ýatyrdy. Käbir adam üçin öý ene-atasynyň ýany, käbiri üçin söýýän şäheri. Birnäçe ýyl bäri kellesini dogry işledip bilmeýän biri üçin bolsa, niredigi näbelli.

“Öý” düşünjesi bir ýere bagly bolmagy, belli bir kanunlaryň esasynda hereket etmegi öz ýany bilen getirýär. “Öý” sözüniň şeýle many aňlatmagy erkinligiň hyrydarlarynyň hakyky öýden daşlaşmagyna getirip biler.

Türkmen jemgyýetinde “öý” gönümel maşgala bilen baglanyşdyrylýar. Maşgala bolsa, ony bina etmekden başlaýar. Ýagny eger bir maşgalany bina edip bilmeýän bolsaň, “öýi” hem bina edip bilmersiň düşünjesi döreýär. Munuň soňy bolsa, “maşgalasy bolmadygyň öýi hem bolmaza” barýar. Bu düşünje üns merkezlerini kellesindäki tilkileri ýeke-ýeke tutup, kapasa zyňmaga ugrukdyranlary jemgyýetden daşlaşdyrýar.

Öýümiz nirede?

“Han ogul biz bu soragy ýüz ýyl bäri özümize sorap gelýäris” diýmegiňiz hem mümkin. Siz bu soraga jogap tapan bolsaňyz meniň bilen hem paýlaşmagyňyzy soraýaryn.

Öýüňizde gijäňiz rahat bolsun!

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store