© Batyr Berdiyev | Aşgabat | 2020

Çagalykdaky tagamyň senagatlaşdyrylmagy ýa-da kompot barada

Oba ýerlerinde adatça günortanlyk ukusy meşhurdyr. Hatda ýarym salkyn işleýän mugallymlaryň maşgalasynda ýetişenler bu ýagdaýa has gowy düşüner. Ejeň-kakaň işden ýadap gelýär, bir-iki agyz garbanýar we bir salym gyşarýar.

Bu hereket tomus günlerinde hem jokrama yssynyň hötdesinden gelmek üçin gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Şeýle günleriň ýene birinde mellege suw tutmak işi meniň boýnuma ýüklendi. Esasy akabadan mellegimize gelýän joýalaryň ugrunda takmynan bäşden gowrak tokurtga bar. Endigan suw tutmak üçin bularyň ählisini yzygiderli barlap durmak, açylan ýerleri ýapmak ýa-da ýapylan ýerlerini açmak ähmiýetli. Yssada iki gapdala selkildäp ýörşüme arasynda holodilnikde duran ülje kompotdan bir-iki owurt alyp, pilime tarap täzeden ugur alýardym.

Kompot tomusky banka ýapylşyk möwsüminiň “datly” gahrymanlarynyň biri bolup durýar. Türkmenleriň gündelik durmuşyna haçan aralaşandygyny bolsa, çaklamak kynrak. Bu boýunça ejem bilen kakama ýüz tutdum. Ejem çagalyk döwürlerinde melleklerinde ýetişdirýän miwelerinden kak edýändiklerini aýtsa, kakam kompot ýapylýandygyny ýadyna düşürýär.

Soňky bir ýylyň içinde senagat derejesinde öndürilýän gazly içgilerdir miwe suwlaryndan arany açmaga başlanym bäri kompotlar bilen täzeden gyzyklanmaga başladym. Öýde wagt geçirmäge başlanym bäri bolsa, özüm taýýarlamaga girişdim; şetdalydan, alçadan, almadan, bombadan…

Türkmenistan boýunça soňky birnäçe ýylyň içinde kompot öndüriji telekeçileriň sany barha artdy. Olardan käbiri çagalymyzdaky tagamlary görnükli aýna çüýşelere ýerleşdirmegi başarsa hem, käbiriniň önümleri henizem “çygrak” galýar.

Kompotsöýer bolanym üçin dürli haryt nyşanly kompotlary barladym. Şol bir miweden, şol bir göwrümli çüýşelere gaplanan dürli markalaryň kompotlaryny hem alyp, deňeşdirip gördüm. Käbiriniň miwesi köpräkdi, käbiriniňki bolsa has az. Ýurduň içinde şeýle önümçilik “trend” bolany bäri ýene bir mesele ünsümi çekdi. Kompotlaryň ählisi aýna gaplarda satyşa çykarylýar. Munuň esasy iki sebäbiniň bardygyna ynanýaryn. Birinjisi türkmen hojalygynyň medeniýetinde kompotlary adatça aýna bankalara ýapmak endigi bar. Bu endik uly göwrümli önümçilige-de täsirini ýetiren bolmagy ahmal. Ikinjisi bolsa, 2018-nji ýylyň fewral aýynda açylan “Türkmen aýna önümleri” kärhanasy. Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda 63.5 million manatlykdan gowrak önüm öndüren kärhana çüýşe gaplaryň 15 görnüşini öndürýär. Aýna zawodynyň açylmagy kompot önümçiligini çaltlandyran bolmagy hem mümkin. Bu iki ulgamyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy men ýaly kompotsöýerleri begendirdi.

Dükanlaryň tekjelerinde birnäçe kompot markasy bar. Olardan hususyýetçilere degişli bolan “Garaja” we “MFT” brendleri öýümizdäki kompotyň tagamyny saklamagy başarýar diýip, hasap edýärin. Şeýle hem Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiklerine degişli bolan önümçilik kärhanalarynyň bankada çykarýan kompotlaryndan hakyky lezzeti aldym.

Garaz, häzirki wagtda Türkmenistanda dowam edýän kompot önümçiligi “witamin drink”-leriň gara we plastik çüýşeleri ýaly keýpiňi gaçyranok. Lezzetli, zyýany az we gabyny başga maksatlar üçin hem ulanyp bolýar.

Şol tomus güni içen ülje kompotymyň tagamy bolsa, henizem damagymda…

Get the Medium app

A button that says 'Download on the App Store', and if clicked it will lead you to the iOS App store
A button that says 'Get it on, Google Play', and if clicked it will lead you to the Google Play store